Köne Nusaý galasynyň goranyş diwary


Köne Nusaý galasynyň goranyş diwary



Köne Nusaý galasyny gurmak üçin tebigy belentlik saýlanylyp alnypdyr we berk tekiz binýadynyň üstünde gala diwarlary galdyrylypdyr. Galanyň gurluşy nädogry bäşburçlyk şekilinde bolup, onuň tutýan meýdany 14 ga barabardyr. Goranyş diwarynyň gurluşygynda pahsa we 40x40x12 sm ölçegli çig kerpiçler ulanylypdyr. Kerpiçler toýundan taýynlanylyp oňa saman, uşak çagyl daşjagazlar garylypdyr. Galanyň diwary iç ýüzünden ýokarlygyna gönüburç görnüşinde, daş tarapyndan ýapgyt bolup, biri-birinden 25-30 metr aralykda ýerleşýän, 43 sany inedördül diňler bilen goşmaça berkidilipdir. Goranyş diwarynyň burçlary uly gönüburçly diňler bilen has kämilleşdirilip berkidilipdir. Diňleriň ini 4-4,5 metre deň bolup, diwar tekizliginden 3 metr daşyna çykarylyp gurlupdyr. Gala diwarynyň galyňlygy 8-9 m bolup, ýokary başynda 3-4 m barabar bolup, boýy has beýik bolupdyr, takmynan 20 metre golaýdyr. Diwaryň ýüzi saman garylan laý bilen suwalypdyr. Galanyň girelgesi demirgazyk-günbatar tarapynda bolup, oňa eltýän ýol ýapgyt görnüşinde diwara ýanaşdyrylyp gurlupdyr.

Nusaý galasynyň gurluşygynyň ýene-de bir üýtgeşikligi, gala diwarynyň 4-5 metr beýikliginde diwardan daşyna çykyp duran çykgydyň goýulmagydyr. Bu çykgyt galany basyp almak isleýän duşmanyň atýan toplaryndan gorapdyr. Ýagny atylýan ok şol çykgyda degip yzyna gaýdypdyr. Goranyş galalarynda şular ýaly çykgydy gurmak usuly diňe Köne Nusaý galasynda gabat gelýär. Alymlar bu goranyş desgasynyň Merkezi Aziýanyň gadymy galalarynyň hiç birinde gabat gelmeýändigi barada belläp geçýärler. Bu bolsa ösen döwletiň ussat binagärleriniň bolandygyndan habar berýär.

Nusaý galasynda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň we «Nusaý» taryhy-medeni döwlet goraghanasy we «Ýöriteleşdirilen ylmy-rejeleýiş önümçilik ussahanasynyň» rejeleýji ussalary bilen bilelikde onuň diňleriniň birinde rejeleýiş-berkidiş işleri ýerine ýetirildi. Geljekde bu galanyň diwarynda we diňlerinde rejeleýiş-berkidiş işlerini geçirmeklik üçin taslamasynyň üstünde işlenilýär.