Türkmen — Arap syýahatçylyk gatnaşyklary


Türkmen — Arap syýahatçylyk gatnaşyklary



«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda halkara derejesindäki çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini dünýä derejesinde mahabatlandyrmak üçin 2022-nji ýylyň 10-njy martynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisinde, Türkmenistanyň milli pawilýonynda syýahatçylyk ulgamyna bagyşlanan göni wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň «Aziýanyň merjeni», «Owadan syýahat», «Bagtyýar dostlar» ýaly syýahatçylyk kärhanalary bilen bir hatarda Birleşen Arap Emirlikleriniň syýahatçylyk kärhanalary gatnaşdylar. Türkmenistanyň milli pawilýony «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly şygar astynda çykyş edýär. Milli pawilýonymyza dünýä ýurtlaryndan gelýän resmi adamlar, işewürler we syýahatçylar tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýär. Sergä gelýän myhmanlara beýleki pudaklar bilen bir hatarda syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada maglumatlar yzygiderli berilýär.
Türkmen topragy ýüzýyllyklardan we müňýyllyklardan biziň günlerimize çenli saklanyp gelen ajaýyp ýerlerine halkymyzyň beýik ruhy siňen toprakdyr. Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamyna bagyşlanan maslahatda, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini mahabatlandyrýan wideorolikler hem-de mahabat önümleri görkezildi. Maslahata gatnaşan işewür hünärmenler Türkmenistanda syýahatçylaryň ünsüni çekip biljek örän gyzykly ugurlaryň bardygyny höwes bilen beýan etdiler. Maslahatda edilen çykyşlar we öňe sürlen teklipler geljekde özüniň oňyn netijelerini berer.
Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalarynyň hem-de BAE-niň syýahatçylyk kompaniýalarynyň özara gatnaşyklary, ýurdumyza dünýäniň çar künjeginden syýahatçylary çekmäge hem-de syýahatçylyk ulgamy bilen tanyşdyrmaga uly mümkinçilikleri döreder. Türkmenistanyň taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerini, ýurdumyzyň gözel ýerlerini, ýokary derejedäki myhmanhana hyzmatlaryny, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mahabatlandyrmaga hem-de daşary ýurtly jahankeşdeleri Türkmenistana çekmeklige uly ýardam berer.


Gülşat BAKYÝEWA