“Maksatlarymyz rowaçlanýar Siziň bilen Arkadag”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynda “Maksatlarymyz rowaçlanýar Siziň bilen Arkadag” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler, ata Watanymyzyň ösüşleri, özgerişleri, berkarar Watanymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygy, ata-babalarymyzyň agzybirlik, ynsanperwerlik, parahatlyk baradaky ýol-ýörelgelerini, ýurdumyzyň asudalygyny, döwletimiziň sarsmaz binýadyny, jemgyýetimiziň mizemez jebisligini pugtalandyrmakda gazanylýan üstünlikler bu günki gün milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli hem durnukly ösmeginiň guralyna öwrülendigi barada giňişleýin çykyş etdiler. Çärede gurnalan kitap sergi oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda Ata Watanymyzy gülledip, halkymyzy ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.