“Geldi Nowruz bu bagtyýar ilime”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanada “Geldi Nowruz bu bagtyýar ilime” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşlik “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly uly şatlyk-şowhun, beýik maksatlar bilen gadam basdy we birnäçe taryhy wakalaryň şaýady bolup,
toý-baýramlaryň giňden bellenilýän baharyň ilkinji günlerinde türkmen sährasynyň dagy-düzi janlanyp tebigata täze ýaşaýyş, öwüşgün berýändigi şeýle-de gözel tebigatyň waspyny sazanda ajaýyp dutar sazy bilen, şahyr ýürekden çykan ajaýyp setirleri bilen, suratkeşler, nakgaşçylar owadan çeper ellerinden döreden sungatlary bilen wasp edýär, kitaphanaçylar hem öz kitaphanalarynda baýramçylyk mynasybetli kitap sergisini gurnap okyjylar köpçüligine wagyz işerini yzygiderli geçirýändikleri hem-de Nowruzda ýedi dürli däneli ösümliklerden milli tagamlar taýýarlanylyp myhman çagyrylýar, semeni taýýarlanyp goňşy-golama,
dogan-garyndaşlara paýlanylýar. Bu aýaýyp baýramda birek-birekden öýke-kine edilmän agzybirlikde gatnaşylyp, täze egin-baş geýilýändigi we türkmen halky bu baýramy uly joşgun bilen aýdym-sazly dabaralar bilen belleýänligi barada çykyş etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda Tükmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2013-nji ýylda çapdan çykan “Nowruznama” kitap üç dilden ybarat bolup türkmen, iňlis, rus dillerinde çap edilip okyjylar köpçüligine gelen bu kitapda hem Nowruz baýramynyň taryhy, gelip çykyşy we nähili bellenilýänligi barada giňişleýin çykyş etdiler.