Nowruz geldi bu bagtyýar Diýara
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi hem-de Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda Milli bahar baýramçylygy mynasybetli “Nowruz geldi bu bagtyýar Diýara” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan kalbynyň tämizligini, döredijilik joşgunyny aňladýan Halkara Nowruz gününi bagtyýar we açykgöwünli halkymyz medeniýetiň, däp – dessurlaryň, ynsanperwerligiň we ýokary ahlaklylygyň sazlaşygyny özünde jemleýän Milli bahar baýramy hökmünde goňşy we doganlyk halklar bilen bilelikde, dürli
näz- nygmatly, bereketli türkmen saçagy, milli oýunlary we aýdym- sazlary bilen dabaraly garşy alýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda Milli bahar baýramyny ýatdan çykmajak öwüşginlere besläp, agzybirligimiziň joşgunyny dünýä ýaýmaga ähli şertleri döredip, ata Watanymyzyň rowaçlygy üçin alyp barýan Gahyman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.