Zeminiň zynaty Nowruz gelipdir
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi medeniýet merkezi , sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň
KA-nyň bilelikde gurnamagynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Zeminiň zynaty Nowruz gelipdir” ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Bu çärede çykyş edenler bahar paslynyň gelmegi bilen tebigatyň janlanyp, gözel keşbe girip, owadan guşlaryň owazy bilen, her bir güni toý-baýramlara beslenýän gözel diýarymyzda milli bahar baýramy aýratyn joşgunlygy bilen tapawutlanýandygyny, Nowruz baýramy örän gadymy we ählihalk baýramdygyny, ir döwürden bäri Nowruzy täze gün, täze ýyl hökmünde bellemek däp bolup, ol mukaddes baýramlaryň biri hasaplanýandygyny belläp geçdiler. Bütin türkmen halky her ýylyň gül-gülälekli bahar paslynda Nowruz baýramyny şatlyk-şowhunda döwlet derejesinde belläp, bu baýramyň baş tagamy semeniden başga-da dürli nygmatlary taýýarlap, gyz-gelinleriň gatnaşmaklarynda dabaralar guralyp, läleler, monjugatdylar, toý aýdymlary aýdylyp, bu baýrama ajaýyp öwüşgin berýändigi barada täsirli gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda Nowruz baýramyny wasp edýan aýdym-sazlar ýerine ýetirildi. Bu bolsa oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.