“Sowulmaz ýazly ilim”


“Sowulmaz ýazly ilim”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Sowulmaz ýazly ilim” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli bahar baýramy her ýyl biziň ýurdumyzda uly şatlyk-şowhun dabara bilen bellenilýänligi, Nowruz baýramy halklary birek-birek bilen ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligi we zähmetsöýerligi ündeýän, dünýä derejesinde dost-doganlyga we parahatçylyga çagyrýan baýrama öwrülendigi şeýle-de pasyllaryň soltany bahar paslynda bellenilýän bu baýram ynsanlaryň kalbyny ruhy joşguny, gözellige halallyga söýgini döredýär. Bu ajaýyp baýramda birek-birekden öýke-kine edilmän agzybirlikde gatnaşylyp, täze egin-baş geýilýändigi we türkmen halky bu baýramy uly joşgun aýdym-sazly dabaralar bilen giňden belleýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda milli bahar paslymyzy wasp edýän goşgular ýerine ýetirildi.