Haly – dünýä jemgyýetiniň genji hazynasy


Haly – dünýä jemgyýetiniň genji hazynasy



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde gurnamagynda “Haly – dünýä jemgyýetiniň genji hazynasy” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Türkmen halysy gözelligiň we beýik sungatyň nusgasy. Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny düýpli öwrenmek, haly dokamak sungatynyň gadymy ýörelgelerini we gymmatlyklaryny aýawly gorap saklamak hem-de artdyrmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Köklerini gadymy eýýamlardan alyp gaýdýan türkmen halyçylyk sungaty, dünýäniň medeni mirasynda özüniň mynasyp ornuny tapdy. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, halyçylyk sungatynyň bahasyna ýetip bolmajak bakylyk miwesidigine aýdyň göz ýetirmek bolýandygy barada çärede çykyş edenler giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň milli mirasymyzy we taryhy gymmatlyklarymyzy kämilleşdirmekde we dünýä ýaýmakda alyp barýan beýik işlerinde täze döredijilik üstünlikleriniň hemişe hemra bolmagyny arzuw etdiler.