“Bereketli türkmen saçagy” ady bilen bäsleşik geçirildi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Bagtyýarlyk etrabynyň medeniýet köşgünde Milli bahar baýramy mynasybetli Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň garamagyndaky kitaphanalaryň arasynda “Bereketli türkmen saçagy” ady bilen bäsleşik geçirildi.
Bu bäsleşigiň esasy maksady türkmen gelin-gyzlarynyň çeperligini, ezberligini, maksada okgunlylygyny, saçak bezemekde türkmeniň däp-dessurlarynyň ýerine ýetirilişinde öz ukyplaryny ýüze çykarmakdan ybarat. Bu bäsleşikde Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň garamagyndaky kitaphanalaryň hünärmenleri Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Köpetdag, Büzmeýin etraplary boýunça türkmen saçagyny bezemek we onuň waspyny ýetirmek boýunça öz ýurdumyzda öndürilýän ajaýyp önümlerden milli tagamlar taýýarlamak boýunça 3 şert esasynda özara bäsleşdiler.
Ýagny, 1-nji şert .Toý saçagyny bezemek we waspyny ýetirmek;
2-nji şert Taýýar hamyrdan unaş ýaýyp kesmek;
3-nji şert. Erkin çykyş (çeper okaýyş, aýdym, hüwdi we ş.m ).
Bu bäsleşikde baş baýraga Bagtyýarlyk etraby, 1-nji orna Köpetdag etraby, 2-nji orna Büzmeýin etraby, 3-nji orna Berkararlyk etraby mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiş gazananlara Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Çärä gatnaşýanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni egsilmez joşguna, toý-baýrama rowaçlyklara beslenýän Diýarymyzyň Milli bahar baýramyny şatlyk-şowhun bilen garşylaýandyklaryny beýan etdiler.