«Sagdyn nesil – bagtyýar geljek»


«Sagdyn nesil – bagtyýar geljek»



Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda bellenilen meýilnama laýyklykda «Sagdyn nesil – bagtyýar geljek» ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çäräniň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýiti galamyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik ylmy işi barada täsirli söhbet edildi. Bu gymmatly kitapda orun alan türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň aýratynlygy, olaryň ynsan saglygy üçin peýdalanylyşy, derman senagatynda giňişleýin ulanylyşy barada aýratyn bellenip geçildi. Şeýle-de kitaphanamyzyň gurnan «Saglyk – başymyzyň täji» atly göçme kitap sergisi okuwçylarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda ynsan saglygyny, aýratyn-da nesil saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.