“Türkmen keşdeçilik sungaty” atly täze kitabyň tanyşdyrylyşy


“Türkmen keşdeçilik sungaty” atly täze kitabyň tanyşdyrylyşy



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 66-njy orta mekdepde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan neşir edilen “Türkmen keşdeçilik sungaty” atly täze kitabyndan gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede çykyş edenler “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda okyjylara ýetirilen “Türkmen keşdeçilik sungaty” atly bu kitap halkymyzyň baý mirasynyň ajaýyp nusgasy bolan milli keşdeçilik sungatyna bagyşlanýandygy, türkmen tebigatynyň bahar paslyndaky görküne çalym edýän bu milli senet zenanlarymyzyň asylly häsiýetlerini, zehinini görkezýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň çeper el işleri barada kitapda ýerleşdirilen gyzykly maglumatlar çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ene-mamalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, ýaş nesillere ýetirmek ugrunda ähli mümkinçilikleriň döredilendigini nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.