“Gazak halk ertekilerine syýahat” atly çeper okaýyş
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaşajyk okyjylary bilen “Gazak halk ertekilerine syýahat” atly çeper okaýyş geçirdi.
Çeper okaýşyň dowamynda çagalar rus diline terjime edilen gazak halk ertekilerini uly gyzyklanma bilen okadylar. Ertekileriň gahrymanlary, wakalary esasynda özara sorag-jogap alyşdylar.
Gazak hem-de türkmen halk ertekiler esasynda gurnalan sergi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Çeper okaýyşa gatnaşan çagalar dürli halklaryň edebiýaty, millilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga döredilýän giň mümkinçilikler üçin ýaşajyk kalplaryndan hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.