Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaplaryndan gürrüňdeşlik geçirildi


Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaplaryndan gürrüňdeşlik geçirildi



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaplaryndan gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede her bir güni uly özgerişlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň durmuşymyza ornaşdyrýan täzeçilikleriniň umumadamzat bähbitlerinden ugur alyp beýik işleri durmuşa geçirilýändigi şeýle-de bedew batly ösüşlere beslenip gelýän “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýaş nesillerimizi sagdyn durmuş ýöregeleri bilen terbiýelemekde alnyp barylýan işler barada gyzykly gürrüň berildi.
Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopediki kitabynda ýerleşdirilen ösümlikleriniň ynsan saglygyna peýdaly dermanlyk häsiýetleriniň taýýarlanyşy we durmuşda ulanylyşy barada giňişleýin gürrüň berildi.
Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn bolmagy, halkyň saglygyny goramakda uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.