“Saglyk rowaçlygyň gözbaşy”


“Saglyk rowaçlygyň gözbaşy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 54-nji orta mekdepde “Saglyk rowaçlygyň gözbaşy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, ilatyň saglygyny goramakda, dürli keselleriň öňüni almakda uly üstünlikleriň gazanylýandygy we belent sepgitlere ýetilýändigi, raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ýurdumyzyň abadançylygyny gowulandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýändigi we ýurdumyzda belli şanly seneler, baýramçylyklar mynasybetli sport çäreleri, welosiped ýörişleriniň yzygiderli geçirilmeginiň däbe öwrülendigi we ildeşlerimiziň şeýle çärelere uly höwes bilen gatnaşýandygy barada çykyş etdiler. Şeýle-de mekdep okuwçylarynyň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilip, onda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklygy we her bir ynsanyň arassa howada ýöriş etmelidigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Şeýle-de çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň saglyk baradaky ajaýyp eserlerinden sorag-jogap alyşyldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.