Meniň dilim seniň eliň hünäri


Meniň dilim seniň eliň hünäri



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bilelikde gurnamagynda “Meniň dilim seniň eliň hünäri” ady bilen Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde türkmen halky özüniň asyrlaryň dowamynda döreden we olary nesilden-nesle geçirip kämilleşdiren milli gymmatlyklary bilen, dünýä halklarynyň arasynda tanalýan halkdygy şeýle-de gadymy keşdeçilik sungaty halkymyzyň gyz-gelinleriniň nusgalyk derejä ýetiren milli sungat bolup durýandygy hem-de keşdeçilik türkmeniň naýbaşy milli gymmatlygy, biziň döwletimizde medeniýetimizi, sungatymyzy, milli mirasymyzy ösdürmek ugrunda edilýän tagallalaryň yzygiderli artdyrylmagy netjesinde keşdeçilik sungatynyň dowamaty dowam bolýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda türkmeniň milli egin-eşikleri nesilden–nesle geçip gelmek bilen halkymyzyň milli medeniýetini, däp-dessurlaryny, özboluşly aýratynlyklaryny biziň günlerimizde öz beýanyny tapandygy, müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip müdimiligiň möhri basylan el hünäri zenanlarymyzyň abraý mertebesiniň beýikligi barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.