Il saglygy – ýurt baýlygy


Il saglygy – ýurt baýlygy



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy “Il saglygy – ýurt baýlygy” ady bilen wagyz -nesihat çäresini geçirdi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýandygy, paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, derman senagaty kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrýar.
Magtymguly Pyragynyň “Saglygyň gadryny bilgil hassa bolmazdan burun” diýip belleýşi ýaly, sagdyn ýaşamak ilki bilen biziň özümize bagly bolup durýandygy, munuň üçin sport bilen meşgullanyp saglygyňy berkitmek, arassaçylyk kadalaryny doly we dogry berjaý etmek sagdyn jemgyýetde sagdyn nesliň kemala gelmegi üçin ilkinji şertleriň biri hasaplanylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.