Dutar halkyň owaza öwrülen kalby


Dutar halkyň owaza öwrülen kalby



Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde gurnamagynda « Dutar halkyň owaza öwrülen kalby» atly aýdym-sazly çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler türkmen milli «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna» girizilendigi, munuň özi bolsa milli sungatymyzy dünýä ýaýmak, ony wagyz etmek we geljekki nesillere ýetirmekde, dutar saz guraly halkymyzyň kalbyna deňeýän milli gymmatlyklaryň biridigini, taryhymyza nazar aýlanymyzda ata-babalarymyzyň dutary özleriniň ýakyn hemrasy hasaplandyklaryny, dutar – türkmeni bir bitewi göwrä jebisleşdirýän ruhy güýçdigini, jadylaýjy gudratdygyny, dutar – türkmen üçin ýöne bir saz guraly däl, ol asyrlaryň jümmüşinden türkmen halkyny birleşdirýän, dost-doganlygy ündeýän we parahatçylygyň ykrar edilen ylham çeşmesi bolup öňe çykýandygyny giňişleýin belläp geçdiler.
Gahryman Arkadagymyz türkmen aýdym-saz sungatynyň özboluşlygyny “Türkmen medeniýeti”, “Ile döwlet geler bolsa”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp kitaplarynda çuňňur we ylmy taýdan beýan edýändigi, ajaýyp kitaplar aýdym-saz bilen gyzyklanýan hünärmenler, alymlar, bagşy-sazandalar şeýle hem giň okyjylar köpçüligi üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynadygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we talyplary birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.
Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.