Sagdyn durmuş – bagtyýar ýaşaýyş


Sagdyn durmuş – bagtyýar ýaşaýyş



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmen döwlet Bedenterbiýe we Sport institutynyň bilelikde gurnamagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Sagdyn durmuş – bagtyýar ýaşaýyş ” ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz diýarymyzda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli giň gerimli bedenterbiýe we sport çäreleriniň ýylyň-ýylyna uly ruhubelentlik bilen guralmagy adamlaryň hemişe sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegine, bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmegine, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly aladalar edilýär. Sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä derejesindäki ýaryşlara gatnaşýan türgenlerimiziň sanynyň köpelip, dünýäde türkmen sportunyň abraýynyň has-da belende galýandygy şeýle-de ýaş türgenlerimiziň sportuň dürli görnüşlerinden halkara çempionatlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýaşyl Tugumyzy belentde parladýandyklary barada täsirli gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda Türkmen döwlet Bedenterbiýe we Sport institutynyň “Sagdyn nesil” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar ýaňlandy. Bu bolsa oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda ynsan saglygynyň goraglylygynyň ähli zatdan ileri tutulýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.