Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Saglyk durmuş ýörelgesi – nesilleriň aladasy” ady bilen geçirilen söhbetdeşlik.


Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Saglyk durmuş ýörelgesi – nesilleriň aladasy” ady bilen geçirilen söhbetdeşlik.



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň okuwçylary bilen Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Saglyk durmuş ýörelgesi – nesilleriň aladasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli bolmagyny, zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak babatda ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz okuwçylara ellerini ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmagy, köpçülik ýerlerde örtük dakmagy, howpsuz araçägi saklamagy berk berjaý etmegi ündediler. Şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy bilen geçirilýän welosipedli ýörişler, welosipediň adam saglygyna, ekologiýanyň arassalygyna, howanyň tämizligine peýdalary barada hem bilesigeliji ýaşlara täsirli gürrüňler berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş sözleri beýan edildi.