“Türkmen ýaşlary-Watanymyzyň şan-şöhraty”


“Türkmen ýaşlary-Watanymyzyň şan-şöhraty”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk etrap Medeniýet köşgi, 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Türkmen ýaşlary-Watanymyzyň şan-şöhraty” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň rowaçlygy baradaky aladany esasy ugur edinýän durmuş syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde uly işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzy pajarladyp ösdürmek, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak hem-de hakyky watançy, edep-terbiýeli, bilimli, sowatly, iş başarjaň ýaşlary kemala getirmek meselelerine aýratyn orun berilendigi şeýle-de bu başlangyçlar uzak möhlete bellenen maksatnamalaýyn wezipeleri durmuşa geçirmekde halkymyzyň öňden gelýän asylly halypa-şägirtlik ýörelgesine pugta eýerýändikleri barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda Diýarymyzyň ösüşlerini, ýeten belent sepgitlerini wasp edýän kitap sergisi gurnaldy.
Çäräniň ahyrynda durmuşda ýaşlaryň öz orunlaryny tapmagy üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän hopmatly Prezidentimize bimöçber alkyş aýdyldy.