“ Şuglasy öçmejek miras” atly zergärçilik sungaty barada söhbetdeşlik.
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň okuwçylary bilen zergärçilik sungatyna bagyşlap, “Şuglasy öçmejek miras” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde milli medeniýetimize, sungatymyza, medeni mirasymyza goýulýan çäksiz hormat, sarpa barada täsirli gürrüňler edildi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň zergärçilik senedi barada hem bilesigeliji ýaşlarymyza kitaphanamyzyň hünärmenleri gyzykly gürrüňler berdiler. Mekdebiň höwesjeň gyzlary hem öz elleri bilen keşdelän nagyşlaryndan, işen alajalaryndan düzülen el işleriniň sergisi bilen tanyşdyrdylar. Kitaphanamyz tarapyndan türkmen milli şaý-sepleri şeýle-de zergärçilik sungaty baradaky kitaplar esasynda gurnalan sergi hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş sözleri beýan edildi.