“Eşretli zamanda iler bagtyýar”


“Eşretli zamanda iler bagtyýar”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy 141-nji orta mekdepde “Eşretli zamanda iler bagtyýar” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üstünliklere, rowaçlyklara beslenýän ata Watanymyz Türkmenistanda Hormatly Prezidentimiziň saýasynda halkymyz bagtly zamananyň hözürini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygy şeýle-de ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ulgamlarda ýeten belent sepgitleri, milli we ruhy gymmatlyklarymyzyň täze öwüşginde dabaralanyşy, eziz Diýarymyzda döwlet ähmiýetli işleriň durmuşa geçirilýändigi hem-de Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleri, ösüşdir özgertmeleri bilen döwrümizi nurlandyryp, halkymyzyň at – abraýyny barha belende galdyrýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda kitaphana işgärleri tarapyndan gurnalan sergi çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Çärä gatnaşanlar Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döwlet ähmiýetli işleri alyp barýan Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.