“Ganatly bedewler halkymyzyň buýsanjy”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 29-njy orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Ganatly bedewler halkymyzyň buýsanjy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiniň täze eýýämynyň Galkynyşy döwründe ata - babalarymyzyň asylly ýorelgelerine eýerip, milletimiziň atşynaslyk sungaty täze rowaçlyklara beslenýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimizi wasp edýän kitaplarynda ahalteke bedewlerimiziň waspynyň giňişleýin beýan edilýänligi şeýle-de gözellikde, ýyndamlykda, wepadarlykda öçmejek yz goýan, toý-baýramlarymyzyň bezegi, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan bedewlerimiziň häzirki wagtda şan-şöhratynyň arşa galýandygy barada gyzykly gürrüň berdiler. Şahyrlar öz gezeginde behişdi bedewlerimiziň owadan, ajaýyp görküni wasp edýän şygyrlary bilen çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda milli ýörelgelerimiziň dowam bolmagy, atşynaslyk däplerimiziň goralmagy we ösdürilmegi ugrunda irginsiz zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.