“Kalba sena Watan mukaddesligi” atly wagyz-nesihat söhbetdeşlik
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň B.Annaýew adyndaky harby okuw mekdebi bilen bilelikde harby okuwçylarynyň arasynda psihologiýa hepdeligine bagyşlap söhbetdeşlik geçirdi. Bu söhbetdeşlikde kitaphana hünärmenimiz adamyň psihiki taýdan kämilleşmegi üçin sport bilen meşgullanmak bilen bir hatarda kitap dünýäsine aralaşyp köp okamalydygy barada birnäçe tymsallaryň üsti bilen gürrüň berdi.
Mundan başga-da kitaphanaçy Mähriban Arkadagymyzyň “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar”, “Mertler Watany beýgeldýär”, hem-de “Paýhas çeşme” atly kitaplaryndan harby okuwçylara mertlik, gaýduwsyzlyk, parahatçylyk, ata Watany-ene topragy söýmek ýaly ynsanperwerlik häsiýetleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň B.Annaýew adyndaky harby okuw mekdebiniň okuwçylary hem öz gezeginde adamyň psihikasynyň sagdyn pikirlenmegi ugrunda geçýän dersleri okaýan kitaplary hakynda aýdyp berdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Mähriban Arkadagymyza mertligiň hem beýik göreldäniň beýany bolan ajaýyp eserleri üçin alkyş sözleri hem-de Arkdagly Serdarymyza işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.