“Magtymguly dünýäde ykrar edilen şahyrdyr”


“Magtymguly dünýäde ykrar edilen şahyrdyr”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Garadaşaýak medeniýet öýüniň bilelikde gurnamagynda 141-nji orta mekdepde “Magtymguly dünýäde ykrar edilen şahyrdyr” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen edebiýatyny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda uly yz galdyran söz ussatlarymyza, nusgowy şahyrlarymyza uly hormat goýulýandygy şeýe-de türkmen edebiýatynyň söz ussady akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ägirt uly döredijiligi, her bendi, her setiri gyzyla barabar goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti hem-de şahyryň şygyrlarynyň diňe bir türkmen halkynyň ýüreklerinde orun alman, eýsem dünýä edebiýatynda hem uly meşhurlyga eýe bolup, goňşy halklaryň söýgüsini gazanan ussat şahyrymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmen döwletimizde ynsan kalbynyň ruhy aýnasy bolan ussat şahyryň şygyrlary belentden sarpalanýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda kitaphana işgärleriniň gurnan sergisi, mekdep okuwçylarynyň okan goşgulary we taýýarlan gysga sahnalary çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy, şeýle-de türkmen edebiýatyny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda ägirt uly işleri alyp barýan, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.