“Köňle ylham, döwre röwşen, nur bedew”


“Köňle ylham, döwre röwşen, nur bedew”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy “Köňle ylham, döwre röwşen, nur bedew” ady bilen gürrüňdeşlik geçirdi.
Çärede çykyş edenler ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda ata-babalarymyzyň ykbal eýesine wepaly, düşbi, ýakyn kömekçisi bolan bedew bilen bagly bolandygy, şonuň üçin hem olar ata hormat goýmagyň nusga alarlyk göreldesini görkezendikleri, dilden dile geçip, biziň günlerimize çenli gelen halk döredijiliginiň eserlerinde oňa bolan iň gowy garaýşlaryny beýan edip, “Dost diýmerin saňa, gardaş diýerin”, “Ertir tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy!” diýen nakyllar ähli döwürlerde hem bedew sarpasynyň nähili uly bolandygyny görkezýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda behişdi bedewleriň sarpasyny belentde tutýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.