“Kitap hepdeligi”
Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy 2022-nji ýylyň 18-nji aprelinde Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 134-nji mekdepde göçme kitap sergisi gurnaldy. Ol sergide atalyk kitaplary, çagalar üçin niýetlenen dürli ertekiler, daşary ýurt dillerindäki täsirli kitapçalar, kitap önümleriniň dürli görnüşleri ýerleşdirilýär. Bu zatlaryň ählisi ýaş nesilleri milli hem-de watançylyk ruhda terbiýelemekde, olaryň kitap bilen dostlaşmagyny gazanmakda uly mümkinçilik döredýär. Kitaplar bilen bir hatarda, nusgawy ýazyjy, şahyrlarymyzyň eserleri, halk döredijiliginiň dürli görnüşlerine degişli kitaplar bar. Bu sergi kitaba bolan isleglerini kanagatlandyrmak neşir önümleriniň dürli görnüşlerine, şol sanda çagalar üçin taýýarlanylýan ylmyň dürli ugurlary boýunça çap edilen neşirleri, çeper edebiýata, döwürleýin metbugata bolan höwesini artdyrmak we olary okamaga çekmek babatdaky esasy işini guramaga täzeçe çemeleşmek işini amala aşyrýar. Kitap okamak- bilimler dünýäsine aralaşmagyň iň täsirli ýoly. Ata-babalarymyz kitaby Watan, ene, saçak mukaddesligi deýin eý görendigini, ony mydama aýap saklamalydygyny bilýäris. Kitap diýseň mähriban hem ýürekdeş dost. Ynha bilişimiz ýaly şu günler ýurdumyzda kitap hepdeligi günleri uly dabara geçirilýär.
Bizem kitaphana işgärleri bolup öz gezegimizde göçme sergileri mekdeplerde gurnamana makul bildik. Bu göçme sergimiz çagalarda uly höwes döretdi. Ýurdumyzy bedew bady bilen ösdürýän we halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!