“Türkmeniň buýsanjy bedew”


“Türkmeniň buýsanjy bedew”



Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Türkmeniň buýsanjy bedew” ady bilen gürrüňdeşlik çäresi geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy, beýik yhlasy hem söýgisi bilen, behişdi bedewlerimiziň at-owazasynyň arşa galyp, bütin dünýä ýaň salýandygyny hem-de paýtagtymyzda döredilen atçylyk toplumlarynyň, aýlawlarynyň atçylyk sportuna-da ünsi güýçlendirilýändigini Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler” atly kitaplary türkmen atlary hakynda gyzykly maglumatlara baý bolup, olar türkmen bedewleriniň abraý-mertebesini has-da arşa galdyrandygyny , Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaby bolsa halkymyzyň watançylygynyň, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň kemala gelmeginde bedewleriň ornuny açyp görkezýändigini we bu ajaýyp kitapda adamyň tebigat bilen bitewüligi, sagdynlyk, ruhubelentlik we döredijilikli ýaşamak bilen bagly esaslarynyň açylýandygyny bu bolsa halkymyzyň taryhyna we medeniýetine çuňňur düşünmäge mümkinçilik berýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik zehininiň mundan beýläk-de ýiti bolmagyny, eserleriniň höwrüniň köp, janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.