“Aty baryň ganaty bar”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Aty baryň ganaty bar” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede Türkmen halky taryhyň ähli döwürlerinde owadanlygy, ýyndamlygy, eýesine wepalylygy bilen göreni haýran edýän bedewlerimize uly sarpa goýulyp, türkmen halkynyň “At-myrat, ogul-döwlet”, “Aty baryň ganaty bar”, “At agynan ýerde toý bolar”, “At dost-ata dost” diýen ýaly nakyllary-da bedewe bolan söýgüsiniň subutnamasydygy şeýle-de bedew atlaryň waspyny edebi çeşmelerde hem görmek bolýar, çünki nusgawy şahyrlarymyz behişdi bedewleri wasp edip goşgudyr, gazallary ýazyp, gözellikde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri türkmen toýlarynyň bezegi ahalteke bedewlerini göreniňde buýsanjymyz goşalanýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylary behişdi bedewlerimizi wasp edýän goşgulary okap berdiler hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen bedewleriniň waspy has-da belentde ýaňlanýandygyny belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda behişdi bedewleriň waspyny dünýä ýaýýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.