“Garagumyň gözelligi” atly Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nury Baýramowyň eserlerinden çeper okaýyş.


“Garagumyň gözelligi” atly Türkmenistanyň halk ýazyjysy
Nury Baýramowyň eserlerinden çeper okaýyş.



Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki 31-nji orta mekdebi bilen bilelikde “Garagumyň gözelligi” atly Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nury Baýramowyň eserlerinden çeper okaýyş geçirildi. Bu çeper okaýyşda çärämize 4-nji synp okuwçylary hem gatnaşdylar. Şahyr N. Baýramowyň haýsy kitaplaryny alanymyzda-da çagalaryň şadyýan aýdym-sazlary ýaňlanýar. Mähriban Watan, ähli gözellikleriň çeşmesi bolan ynsan zähmeti, dost-doganlyk hakynda söz açylýar. Şeýle-de hem kitaphanamyzyň hünärmeni çagalara şahyrymyzyň ömri-döredijiligi barada gysgaça gürrüň berdi. Soňra çagalara söz berildi we şahyryň goşgylaryny, çeper okaýyşlar bilen çykyş etdiler. Çärämiziň soňunda ýazyjy şahyrymyzyň “Mekdebim” diýen goşgusyna döredilen aýdymy ýerine ýetirildi. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda aýratyn täsir galdyrdy.
Ýazyjy şahyrlarymyza uly hormat goýýan Hormatly Prezidentimize Serdar Berdimuhammedowa alkyşly sözleri beýan edildi.