“Arkadagly ilim bilen ak bagta ýeten, Buýsanjym, Berkarar bagtyýar Watan!”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 3-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Arkadagly ilim bilen ak bagta ýeten, Buýsanjym, Berkarar bagtyýar Watan!” ady bilen aýdy-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilikli halal zähmet çekmek eziz Diýarymyzy ösdürmegiň berk binýady bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde gazanylýan üstünlikler agzybir halkymyzyň çekýän halal zähmeti bilen bagly bolup durýandygy şeýle-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň her bir gününi beýik üstünliklere, bedew batly ösüşlere beslenip gelýän ýurdumyz parahatçylyk dostluk-doganlyk ýoly bilen ýetilen bagtyýar durmuşyň gelejekde hem dowamat-dowam boljakdygy barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş beren Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!