Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyşy


Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyşy



Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen bilelikde gurnamagynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna sowgat eden “Ömrümiň manysy” atly täze kitabynda tymsallardyr nakyllar, rowaýatlardyr ata – babalarymyzyň parasatly sözleri ýerleşdirilipdir. Bu ajaýyp kitabyň gadymdan gelýän däp – dessurlarymyzy, milliligimizi, jemgyýetimiziň belent ahlak ýörelgelerini, durmuşyň kada – kanunlaryny özünde jemläp, bahasyna ýetip bolmajak gymmatly çeşme bolup durýandygy şeýle-de türkmen halkynyň uzak asyrlaryň dowamynda baý durmuş tejribesini, ýol –ýörelgelerimizi açyp görkezmekde, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde bu ajaýyp kitabyň ähmiýetiniň uludygy, kitabyň her bir gatynda biziň geçmişimiziň, şu günümiziň we aýdyň geljegimiziň nurlanýandygy barada gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda özüniň ajaýyp eserleri bilen begendirip durýan Gahryman Arkadagymyza, halkyny bagtyýar zamanada ýaşadýan Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.