Taryhy-medeni ýadygärlikleriň yzlary.


Taryhy-medeni ýadygärlikleriň yzlary.



Berkerar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Mähriban Arkadagymyzyň şöhratly taryhymyza uly üns bermegi bilen, gadymy geçmişde öçmejek yz galdyran gymmatly mirasymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmekde, aýawly gorap saklamakda uly işler alnyp barylýar.
“Gökdepe galasy” taryhy medeni döwlet goraghanasynda medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek, dikeltmek milli taryhy-medeni mirasyň desgalaryny aýawly saklamak we olaryň asylky durkunyň abat ýagdaýda gelejekki ýaş nesillerimize ýetirmek ugrundaky çäreleri amala aşyrylýar. Şol sanda goraghananyň hasabynda duran birnäçe ýadygärliklerde möwsümleýin ylmy-barlag esasda arheologiýa gazuw-agtaryş işleri alnyp baryldy.
“Beýik Ýüpek ýolunyň” ugrunda ýerleşýän gadymy “Paryzdepe” ýadygärliginde Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi we Türkmenistanyň arheologiýa we etnografiýa instituty bilen bilelikde gazuw-agtaryş işleri alnyp baryldy, netijede ýadygärligiň töwereginde taryhy mawzoleýiň üsti açyldy we konserwasiýa işleri alnyp baryldy. “Paryzdepe” ýadygärliginiň gündogarsynda ýerleşýän howly galasynyň diwarlarynyň düýbine çenli, gazyp öwrenilip asyl nusgasyna laýyklykda diwarlary we dört tarapynyň diňlerinde dikeldiş işleri geçirildi we ýerasty desga ýadygärliklerinde Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň ýolbaşçylygynda we ähli goraghanalaryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda ylmy barlag gazuw-agtaryş hem-de rejeleýiş, abatlaýyş, dikeldiş işleri alnyp baryldy.

Türkmenistanyň Taryhy we medeni
ýadygärliklerini goramak, öwrenmek
hemde rejelemek baradaky milli müdirligi