«Bitarap ýurt gül—gülüstan, jennet mekan Türkmenistan!» atly wagyz –nesihat çäresi


«Bitarap ýurt gül—gülüstan, jennet mekan Türkmenistan!» atly wagyz –nesihat çäresi



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 30-njy orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda «Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli «Bitarap ýurt gül—gülüstan, jennet mekan Türkmenistan!» ady bilen ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmagynda wagyz –nesihat çäresi geçirildi. Çärede Baky Bitaraplygymyzyň many-mazmuny, ýurdumyzyň dünýä derejesindäki at-abraýy has-da belende galdyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Çäräniň dowamynda şahyrlaryň ata Watanymyz, Gahryman Arkadagymyz, hemişelik Bitaraplygymyz hakyndaky joşgunly okap beren şygyrlary çärä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak duýgyny bagyşlady, Aşgabat şäher Medeniýet müdürliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň «Mukam» dutarçylar toparynyň şeýle-de, 30-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bolsa olara ruhy lezzet paýlady. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, ata watanymyzyň dünýä derejesindäki at- abraýyny , ýurdumyzyň ösüşlerini hemmetaraplaýyn açyp görkezýän edebiýatlary esasynda gurnalan kitap sergi bilen tanyşdyryldy.