“Manyly ömrüň beýany” ady bilen geçirilen söhbetdeşlik.




Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan “Ömrümiň manysy” atly edebi-filosofik eserini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Manyly ömrüň beýany” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitabyň “Ýaşaýyş medeniýeti”, “Ynanç hakynda söz”, “Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge”, “Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat”, “Milletiň ruhy-ahlak mekdebi” hem-de “Gadymyýete nazar” atly bölümlerinde beýan edilýän halkymyzyň ruhy-ahlak ýörelgeleriniň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp kitaplary ýazyp, halkymyza peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de kitaba aýratyn hormat, sarpa goýýan Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.