“Gahrymanlar unudylmaýar”


“Gahrymanlar unudylmaýar”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy Ýeňiş güni mynasybetli “Gahrymanlar unudylmaýar” ady bilen gürrüňdeşlik geçirdi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen halkymyzyň milli medeniýetine, mirasyna uly üns berilýändigi, gadymy medeniýetimiziň maddy hem-de ruhy mirasyna, ata-babalarymyzyň Watan üçin görkezen edermenliklerine uly hormat goýlup, olaryň sarpasy belentde tutulýandygy şeýle-de Beýik Watançylyk urşunyň jeň meýdanynda şirin janlaryny gurban edenleriň, tylda zähmet çekenleriň durmuş ýoly ýaş nesillerimizi Watana we halka çuňňur hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň mukaddes nusgasy bolup durýandygy barada gürrüň edildi.
Çärä gatnaşan uruş weterany dünýä we adamzat taryhynyň iň agyr gyrgynçylykly uruşy bolan ikinji jahan urşunda uly weýrançylyklar we köpsanly adam pidalary bolandygy we onuň millionlarça ýüreklere ýara salandygy barada täsirli gürrüň berdi. Watan Gahrymanlarynyň hatyrasyny belentde sarpalaýan, halkyny parahat durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.