“Bu gün goşa baýram toýlaýar diýar”


“Bu gün goşa baýram toýlaýar diýar”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy we 85-nji orta mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Kontitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Bu gün goşa baýram toýlaýar diýar” ady bilen wagyz – nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler “Binýady berk bolsa, binasy baky bolar” diýýän ata – babalarymyzyň pähim – parasadyna eýerip gurlan döwletimiziň hormatly Prezidentimiziň saýasynda barha berkidilýän hukuk binýadynyň bolmagy ýaşyl Tugumyzyň asudalyk şemalyna pasyrdap durmagynyň aýdyň şöhlelenmesidir. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ömürlere şugla saçýan baş ýörelgesiniň durmuş ýüzünde amala aşmagynyň aýdyň beýany hökmünde dabaralanýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy – Esasy Kanunymyzdyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň esasy Kanuny bolsa Döwlet baýdagymyz ýurdumyzyň baş döwlet nyşanydyr. Ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesine, kanunçylyk binýadyna şaýatlyk edýän bu mukaddeslikleriň hatyrasyna baýramçylygyň bellenilmegi ösüp gelýän ýaşlarda döwlet nyşanymyza bolan çuňňur söýgini oýarmak maksadyndan ugur alýandygy barada öz çykyşlarynda giňişleýin beýan etdiler.
Çäräniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli gurnalan kitap sergisi bilen hem tanyşdyryldy.
Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri aýdyldy.