“Döwlet nyşanlary-ajap eýýamyň şamçyragy” atly edebi-sazly çäresi
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Döwlet Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlap “Döwlet nyşanlary-ajap eýýamyň şamçyragy” atly edebi-sazly çäresini
geçirdi.
Kitaphana hünärmenimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandygyny hem-de bularyň gymmatyny has-da artdyrmak we dabaralandyrmak, nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, Aşgabat şäherinde Konstitusiýa binasy bilen Baýdak meýdançasy, şeýle hem welaýat merkezlerinde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda belent sütünli Baýdak meýdançalaryň döredilendigi barada giňişleýin gürrüň berdi.
Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde Baş Kanunymyz we Döwlet Baýdagymyzy wasp edýän şygyrlary labyzly aýdyp berdiler we Konstitusiýa binamyzyň we Döwlet baýdagynyň suratyny çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Bu bolsa çäräniň has-da täsirli geçmegine ýardam berdi. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan “Goşa mukaddesligiň baýramy” atly göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.