“Arkadagyň ylhamy – geljegiň melhemi” atly onlaýn döredijilik duşuşygy


“Arkadagyň ylhamy – geljegiň melhemi” atly onlaýn döredijilik duşuşygy



Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň arasynda “Arkadagyň ylhamy – geljegiň melhemi” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna Döwlet kitaphanasyndan, B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyndan we welaýat kitaphanalaryndan döredijilik işgärleri gatnaşdylar.
Duşuşykda çykyş edenler Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemala gelen ajaýyp eserleri hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, bu gymmatly eserleriň biziň hemmämiziň durmuş mekdebimizdigini hem-de olaryň her bir işde bize uly goldaw bolup durýandygyny nygtadylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyzyň her bir gününiň, täze ösüşlere, ýeňişlere beslenýändigini aýtmak bilen Mähriban Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.