“Baýdagymda bagtyýarlyk bady bar, Kanunymda halkyň beýik bagty bar”


“Baýdagymda bagtyýarlyk bady bar, Kanunymda halkyň beýik bagty bar”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 76-njy orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Baýdagymda bagtyýarlyk bady bar, Kanunymda halkyň beýik bagty bar” ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy iň gowy milli däpleri hem-de dünýäniň tejribesini özünde sazlaşykly birleşdirýän döwlet gurluşynyň esasy ýörelgelerini özünde jemleýär.
Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň gadym wagtlardan bäri baýdaga aýratyn sarpa goýandygyny, “Baýdak” sözüniň gadymyýetden häzirki wagta çenli dilimizde saklanyp galyp, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halal zähmetiň hözirini görýän her bir watandaşlarymyz iň arzyly künjeklerde, edara-kärhanalarda, bilim ojaklarynyň, döwlet edaralarynyň ýokarsynda buýsançly pasyrdaýan Tugumyzda özbaşdaklygyň, erkinligiň, beýik zähmet üstünlikleriniň owazyny duýýandygyny şeýle-de, esasy Kanunymyzy hem-de Döwlet baýdagymyzy ýaşlara wagyz etmek, olarda watansöýüjiligi terbiýelemek bolsa biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdygy hakynda täsirli gürrüň etdiler.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni döwletimiziň we jemgyýetimiziň berkararlygyny, sarsmaz güýjüni, ata Watanymyzyň gülläp ösüşlerini dünýä ýaýýan mukaddesliklere il-günümiziň sarpasynyň belentdigini görkezýän ajaýyp baýramdygyny belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere, halkymyzy röwşen geljege sary öňe alyp barýan hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.