“Gerçek gaýratydeý belentdir Tugum”


“Gerçek gaýratydeý belentdir Tugum”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy 133-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Gerçek gaýratydeý belentdir Tugum” ady bilen sergi we wagyz-nesihat çäresini geçirdi.
Her Döwletiň baýdagynyň özüne mahsus gözelligi bardyr, baýdagyň orny belentlik. Baýdagy şol belentlige çykarýan güýç bolsa, agzybirlikden dörän galkynyşyň güýji. Türkmenlerde iň mertebeli zatlar, mertebä mynasyp adamlar baýdaga deňelýär.
Çärede çykyş edenler Döwlet baýdagyny dünýäniň çar künjeginde ýeňiş bilen parlatmak güýçli Kanuny bolan döwletlere başardýandygyny, biziň Döwlet baýdagymyzyň hem uly ýeňişler bilen parlaýandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Esasy Kanun has kämilleşdirilen görnüşe getirilendigi, şonuň üçin hem Türkmenistanda Konstitusiýa döwrüň talaplaryny doly ödeýär we netijesinde-de, ýurtdaky agzybirlik has berkeýändigi şeýle-de Kanun kiçijik maşgaladan başlap, uly döwletlere çenli dogry ýol bilen öňe ilerlemegiň açary bolup durýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda 18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni uly dabara bilen bellenilýändigini öz çykyşlarynda beýan etdiler we mekdep kitaphanasynda “Gerçek gaýratydeý belentdir Tugum” atly sergide gurnalan kitaplar esasynda sorag-jogap alyşdylar.
Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.