“Baýdagymyz-başymyzyň täjidir, Kanunymyz-kalbymyzyň güýjüdir”


“Baýdagymyz-başymyzyň täjidir, Kanunymyz-kalbymyzyň güýjüdir”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Baýdagymyz-başymyzyň täjidir, Kanunymyz-kalbymyzyň güýjüdir ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi.
Çärede Watanymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň her ýylyň 18-nji maýynda uly baýram edilip bir günde bellenilmegi ýurduň jemgyýetçilik durmuşyna özboluşly öwüşgün çaýýar. Bu iki mukaddeslik halky parahat durmuşda, bagtyýar ýaşaýyşa, döredijilikli zähmete ruhlandyrýan buýsanç çeşmesi bolup durýandygy hem-de esasy Kanunymyz Türkmenistan döwletiniň emele gelmeginiň hukuk esasyny düzýän bolsa, Döwlet baýdagymyz türkmen halkynyň agzybirligini, Garaşsyzlygyny we döwlet Bitaraplygyny alamatlandyrýandygy şeýle-de halkymyzyň şöhratly geçmişini, şu gününi ajaýyp döwrümiziň ösüşlerini nurana geljegimizi alamatlandyrýan bu goşa mukaddeslik kalbymyzda aýratyn orun tutýan gymmatlyklar ata Watana bolan sögüsini has-da artdyrýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda esasy Kanunymyz ýaşyl Tugumyzyň astynda dabaralanýan şanly seneler biziň gazanýan ösüşlerimizi, üstünliklerimizi dünýä buşlaýandygyny çärä gatnaşanlar belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy gülledip ösdürmekde, halkymyzyň kanun taýdan goraglylygyny üpjün etmekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.