“Gözelligiň nusgasy sen Aşgabat!” atly edebi-sazly çäresi
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlap “Gözelligiň nusgasy sen Aşgabat!” atly edebi-sazly çäresini geçirdi.
Kitaphana hünärmenimiz mekdep okuwçylaryna gözel paýtagtymyzyň taryhy barada giňişleýin gürrüň berdi. Bu çärede “Adalat” gazetiniň işgäri, şahyr zenanymyz Gurbanjemal Annakowa hem myhmançylykda bolup, Aziýanyň merjeni hasaplanýan paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ajaýyp durky barada gürrüň berdi. Şeýle-de öz ýazan Aşgabat hakyndaky şygyrlaryny okap berdi.
Mundan başga-da M. Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň talybynyň aýdyp bermeginde Aşgabat, Watan barada ajaýyp aýdymlar diňlenildi. Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde güneşli paýtagtymyzy wasp edýän goşgulary ýatdan labyzly aýdyp berdiler hem-de özlerini gyzyklandyrýan Aşgabatda gurlan gadymy we häzirki döwür binalary barada sowal-jogap alyşdylar.
Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan “Ak mermerli paýtagtym” atly göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.