“Aşgabat baky bagtyň mekany”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda “Aşgabat baky bagtyň mekany” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat ynsanperwerligiň, sahawatlylygyň, ýagşylygyň dost-doganlygyň, mähribanlygyň söýginiň şäherine öwrüldi. Ol biziň her birimiz üçin mähribandyr, mukaddesdir. Çünki onda egsilmez gözellik, mähribanlyk, asudalyk, agzybirlik jemlenen.
25-nji maýda Aşgabat şäheriniň gününiň uly baýramçylyk dabaralary bilen bellenilmegi, halkymyzy has-da begendirdi buýsandyrdy. Söhbetdeşlikde “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda günsaýyn özgerýän, gözelleşýän Aşgabadymyzyň durmuş we medeni maksatly ymaratlaryň, ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, dünýä ylmynyň iň soňky gazananlary esasynda gurlup ulanylmaga berilmegi halkymyzy has-da begendirýänligi barada gürrüň etdiler.
Söhbetdeşligiň dowanynda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabadyň binägärligini has-da ösdürmäge badalga berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!