“Dillerde dessan Aşgabat”!


“Dillerde dessan Aşgabat”!



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Dillerde dessan Aşgabat!” ady bilen döredijilik duşuşyk çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramlar, şanly seneler bilen dabaralanýar, ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilip, uly ösüşler gazanylýar. Eziz paýtagtymyzyň gujagynda bolup geçýän taryhy wakalar dünýäniň üns merkezinde ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat gün-günden gözelleşýär.
Paýtagtymyzyň gaýtalanmajak gözelligi, asudalygy, rahatlygy ähli döwürlerde hem ýazyjy-şahyrlaryň ylhamyny joşduryp gelipdir. Medeniýet, sungat işgärleri özleriniň döredijiliginde türkmen tebigatynyň gözelligi bilen bir hatarda, ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyplygyny uly joşgun, söýgi bilen wasp edýärler.
Çärede çykyş eden şahyr özüniň gözel paýtagtymyzy wasp edýän birnaçe goşgularyny okap berdi, kitaphana işgärlerimiz Aşgabadyň gözelligini wasp edip çykyş etdiler, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de ýazyjy-şahyrlaryň kitaplaryndan sergi gurnaldy.
Çäräniň dowamynda halkymyzyň eşretli durmuşda bagtyýar ýaşamagy, paýtagtymyzyň dünýäniň iň gözel şäherine öwrülmegi ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.