“Gadymy edebiýatda türkmen halysynyň beýany”


“Gadymy edebiýatda türkmen halysynyň beýany”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Gadymy edebiýatda türkmen halysynyň beýany” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen türkmeniň haly sungaty ýokary derejede ösýär. Türkmen tebigatynyň öwüşgini siňen, her çitimi ýazyň nagşyna meňzeş ajaýyp halylary döredýän gelin-gyzlara, goýulýan sarpa guwandyrýar. Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan gözellik gudraty bolan ajaýyp hem nepis halylary dokamagyň inçe syrlary, ene-mamalarymyzyň Yhlasyndan, mähir-muhabbetinden dörän haly-palaslarymyzy dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işler, ýurdumyzda halyçy gelin-gyzlarymyza goýulýan hormat-sylaglar hakynda şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň haly sungatyna bagyşlan “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” ýaly ajaýyp kitaplarynyň dürdäne setirleriniň ösüp gelýän ýaş nesillerimize nusgalyk mekdep bolup durýandygy barada täsirli gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda milli gymmatlyklarymyzyň, baý mirasymyzyň sarpasyny belentde tutýan Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.