“Haly-türkmeniň milli buýsanjy”


“Haly-türkmeniň milli buýsanjy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň gurnamagynda “Haly-türkmeniň milli buýsanjy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Çärede türkmen zenanlarynyň on barmagynyň hünäri bilen dörän, ene-mamalarymyzdan miras galyp, biziň asuda we bagtyýar günlerimize ýetip gelen ajaýyp halylarymyzyň nepisligi, dürli öwüşgini bilen göreni haýran edýän halylarymyzda halkymyzyň ajaýyp häsiýetleriniň, milli aýratynlyklarynyň jemlenendigi, türkmen halysynyň döreýşi, olara salynýan göller, türkmen gelin-gyzlary öz ýüreklerinde beslän arzuwlaryny halylara ussatlyk, inçelik, nepislik bilen siňdirendigi, barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda olar türkmen tebigatynyň gözel keşbini ýagny dagdyr-derýalary, türkmen sährasyny özboluşly reňkleň üsti bilen nagyşlar döredilip, türkmen halysy meşhurlygyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli halyçylyk sungaty umumadamzat medeni mirasynyň ebedi ýadygärligidigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmeniň milli gymmatlyklaryny giňişleýin açyp görkezmäge, ony dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikler döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.