“Eziz mekanyň bagtyýar nesilleri”


“Eziz mekanyň bagtyýar nesilleri”



Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki “Gül zemin” dynç alyş merkezinde “Eziz mekanyň bagtyýar nesilleri”- atly, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli edebi sazly ertirlik geçirildi.
Her ýyl biziň ýurdumyzda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden we dabaraly bellenip geçirilýär. Ýurdumyzda bagtyýar çagalar döwrebap gurlan, zerur enjamlar bilen doly üpjün edilen ak mekdeplerde, çagalar baglarynda bilim – terbiýe alýarlar. Bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrülen ata Watanymyzda ýaş nesil, onuň saglygy, goraglylygy ugrunda alnyp barylýan işler sanardan kän.
Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleriniň rahat dynç almagy, okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda näçe diýseň mümkinçilikler bar. Häzirki wagtda tomus dynç alyş günlerinde bagtyýar körpelerimiz ýurdumyzyň gözel künjeklerinde, Gökdere jülgesinde, Awazanyň gözel kenarynda rahat, asuda dynç alýarlar, wagtlaryny gyzykly, manyly geçirýärler. Şu baýramçylygyň şanyna Aşgabat şäherindäki “ Gül zemin ” dynç alyş merkezinde kitaphana hünärmenleri, “Aşgabat ” teleýaýlymy bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň mekdeplerinden okyjylaryň gatnaşmagynda aýdym – sazly ertirlik geçirildi. Bu dabarly çärede çagalar öz goşgydyr aýdym sazlary bilen çykyş etdiler. Bagtly çagalygyň ajaýyp mekany bolan döwletimiz, sözüň doly manysynda, bagtyýar ýurtdyr.
Bagtyýar ýurdumyzda ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ähli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn.