“Çagalar -Watanymyzyň geljegi”


“Çagalar -Watanymyzyň geljegi”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen 70-nji çagalar bagynyň bilelikde gurnamagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Çagalar -Watanymyzyň geljegi” ady bilen çäre geçirildi.
Çärede çykyş edenler ýurduň bagtyýarlygy, ertirki günüň aýdyňlygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýan çagalaryň döwlet tarapyndan bimöçber aladalar bilen has jebis gurşalýandygy, olaryň sagdyn ösüp ulalmagy, asylly terbiýe almagy, geljekde akylly-başly, giň düşünjeli, sowatly ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berildiler.
Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň hoşgylawlylyk, sadalyk, dogruçyllyk, namysjaňlyk, edep-ekramlylyk, dost-doganlyk, agzybirlik, ruhubelentlik, halallyk, ýagşylyk, ugurtapyjylyk ýaly sypatlaryň ählisi jemlenendigi hakynda aýratyn belläp geçdiler. Çärede körpeje çagajyklar öz aýdymdyr-goşgulary bilen, gysgajyk degişme sahnalary bilen çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesiller üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.