“Bagtyýar nesiller-ýurduň geljegi”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy 155-nji çagalar bagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Bagtyýar nesiller-ýurduň geljegi” ady bilen gürrüňdeşlik çäresini geçirdi.
Çärede Çagalary goramagyň halkara güni döwletimiz bilen bir hatarda , dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda Merkezi Aziýada uludan baýram edilýändigi, bu baýramyň döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilmegi çagalaryň her biriniň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi
şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bu gün ata Watanymyzda ýaş nesiller uly söýgi, mähir bilen gurşalyp alynýandygy hem-de ýurdumyzda bagtyýar çagalar döwrebap gurlan, zerur enjamlar bilen doly üpjün edilen ak mekdeplerde, çagalar baglarynda bilim-terbiýe almaklaryna doly mümkinçilikleriň döredilendigi barada giňişleýin gürrüň berildi.
Çäräniň ahyrynda çagalaryň isleg-arzuwlarynyň hasyl bolmagy ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.